nobat no‧bat at

[no:bat]

Bir zadyň gidiş ugrunyň tertibi, gezek.

  • Herki zadyň özüniň wagty, nobaty bardyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ata-baba miras paýlaşygynda ýeten iki tanap boş ýeri we ýigrimi günden aýlanyp nobaty gelýän ýarym sagat suwy-Orsgeldiniň bar mülki-baýlygy hem şulardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

birinji nobatda

Iň ilki bilen, öňürti.

  • Indi aýal-gyzlar erkekler bilen deň hukukda, olar birinji nobatda okamaly. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • nobata
  • nobatam
  • nobatda
  • nobatdaky
  • nobatdakysy
  • nobatdakysydyr
  • nobatdakysynda
  • nobatdakysyny
  • nobatdakysynyň
  • nobatdan
  • nobatdy
  • nobatdyr
  • nobatlar
  • nobatlara
  • nobatlaram
  • nobatlarda
  • nobatlardan
  • nobatlary
  • nobatlaryna
  • nobatlarynda
  • nobatlaryndaky
  • nobatlaryndan
  • nobatlaryny
  • nobatlarynyň
  • nobatlaryň
  • nobatlaýyn
  • nobatly
  • nobatlyk
  • nobatlylygy
  • nobatlylygyny
  • nobatlylyk
  • nobatsyz
  • nobaty
  • nobatym
  • nobatyma
  • nobatymy
  • nobatymyza
  • nobatymyzyň
  • nobatyn
  • nobatyna
  • nobatynda
  • nobatyndan
  • nobatyny
  • nobatynyň
  • nobatyň
  • nobatyňa
  • nobatyňda
  • nobatyňy
  • nobatyňyz
  • nobatça