Ata-baba bir maşgaladan bolan kowum-garyndaşlar, arkaba-arka gelýän garyndaşlyk.
Siziň nesliňiz aňry geçmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Maşgaladan önüp-ösýän ogul-gyz, zürýat, ýaş össürimler.
Bir döwürde ýaşaýan ýaşdaş adamlar, döwürdeşler.
Ýöne, biziň Hoşgledimiz hem şol pökgen bilen jedelleşip ýören agronomlaryň neslinden. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem nesil - nesli.