seret tirýek
Niçeler köp çekdi neşe hem meňi, Gaýgyda gan eňräp, bolmady deňi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Tirýek, çilim, meň we başga zatlar esasynda ýüze çykýan keýp, lezzet.
Wolostnoý bilen arçyn neşeleri bozulany üçin, gök çaýa ýaňadandan başladylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Keýp bilmek.
Öňde-de bir sapançanyň boş gabynyň içine daş hem aňry bäri dykyp, biline guşanar eken, şony hem özüne neşe biler eken. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Mazaly keýp ýetmek.
Keýpini bozmak, keýpini gaçyrmak, gynandyrmak.
Başyňa döneýin neme jan, sen meni gorkuzyp, neşämi uçurdyň. («Tokmak» žurnaly)