[nadara:lyk]
Haýýarlyk, şermendelik, galmagalçylyk.
Meni getirip, öýmüze taşladylar. Ejeligim: -- Waý, äkidiň! diýip, nadaralyk etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men Akgözel ejäniň şu nadaralyklaryny görüp, aňk bolup galdym. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Besdir, ýoldaşlar! Nadaralyk edişmäliň! Onuň nadaralygy ýol almady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem nadaralyk - nadaralygy.