nädogry sypat

  1. Hakykata dogry gelmeýän, dogry däl, dogry bolmadyk, ýalan.

    • Bularyň edýän işleriniň seniň göwnüňe nädogry ýerleri barmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Ýalňyş.

    • Öten agşamky meseläni biz nädogry çözüpdiris. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem nädogry - nädogruda, nädogrular, nädogrusy.


Duş gelýän formalary
  • nädogrulyga
  • nädogrulygy
  • nädogrulygyna
  • nädogrulygyny
  • nädogrulygyň
  • nädogrulyk
  • nädogrurak