Birine, bir işe ýa-da bir ýere belet bolmadyk, tanyşlygy ýok bolan, habarly däl, nätanyş.
Ol näbelet şäherinde köçeleriň nireden nirä gidýänini bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bu näbelet adamsyny suwly äkidip, suwsuz getirer. («Tokmak» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem näbelet - näbeledi.