[mu:myýa]
Dagyň uçut gaýalarynda bolýan, medisina we önümçilik üçin ähmiýetli gara-gök reňkli jisim.
Tebip tapyljagyna, şol döwügiň sepini kebşirlejek mumyýa el ýetirjegine onuň akyly çatmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Dagyň ýylçyr gaýasyndaky mumyýa gözüň ýetip durka, şony ele salyp bilmeseň, nebsiň agyrar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýigidiň bu görnüşi mumyýadan edlen ýadygärlige meňzeýardi. («Kolhoz günleri»)
Örän kyn, çetin (iş, mesele hakda).
Husyt adamdan dilegiň bitirjek bolsaň, edil dagdan mumyýa tüpeňlän ýaly bolýar.