[mu:m-heli:m]
seret mum-helime dönmek mum-helime dönmek
Görineli mum-helim bolşuna seret, ýagşy gyzyrjagyny gygyrýar-da, onsoň hem: --Meni bagyşlaň! -- diýen bolýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Örän uýumsak hala öwürmek, gaty owratmak, myžžygyny çykarmak.
Bäşim elindäki bir bölejik kesegi owradyp, mum-helim edipdi. («Kolhoz günleri»)
Täsir edip meýmiretmek, erk-ygtyýaryny almak, gowşatmak, ýumşatmak.
Men onuň bilen gürleşip-de durmanyň, ýogsam onuň mylýagymlygy, mähribanlygy meni mum-helim eder. (Şekspir, Otello)
Mum-helim bolmak, ýumşak hala öwrülmek, gaty owranmak, myžžygy çykmak.
Gaýrasy gum, ilersi dag, düz meýdan Depelenip, mum -helime dönüpdir. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Bir zadyň täsiri ýetmek zerarly meýmiremek, erk-ygtyýarlygyny aldyryp ýuwaşamak, gowşamak.
seret mum-helime dönmek mum-helime dönmek
Iru-giç düşersiň meniň elime, Şonda öwrülersiň muma-helime. (D. Baýmyradow, Söýgi We Mekirlik)
Bu boz meýdan mum-helime öwrülýär.