molaşmak mo‧laş‧mak işlik

[mo:laşmak]

Birnäçe bolup molamak, çygyrmak.

  • Göleleriň yzly-yzyna molaşýan sesleri obany uly şowhuna salýardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Sygyrlar molaşýardylar, guzular mäleşýärdiler. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

  • Howada bulut bolman, molaşyp gelýän sygyrlaryň tozanlary bilen Günüň öňi çaňjaryp görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • molaşdylar
  • molaşyp
  • molaşyň
  • molaşýan
  • molaşýardylar