minnetdarlyk min‧net‧dar‧lyk

[minnetda:rlyk]

Birinden bir zat üçin minnetdar, hoşal bolmaklyk, gadyr bilijilik, borçlulyk.

  • Onuň wesýetlerini minnetdarlyk bilen ýatlaýarlar. («Pioner» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem minnetdarlyk - minnetdarlygy.

minnetdarlyk bildirmek

Biriniň eden ýagşylygy üçin hoşaldygyňy duýdurmak.

  • Kürt Ahmet minnetdarlyk, bildirip aganyň şol hormatynyň sebäbini pikirlenip başlady. (M. Ibrahimow, Ol G ün Geler)


Duş gelýän formalary
  • minnetdarlyga
  • minnetdarlygam
  • minnetdarlygy
  • minnetdarlygymy
  • minnetdarlygymyzy
  • minnetdarlygyna
  • minnetdarlygyny
  • minnetdarlygynyň
  • minnetdarlygyň
  • minnetdarlygyňyzy
  • minnetdarlykdan
  • minnetdarlykdygyna
  • minnetdarlykdyr
  • minnetdarlyklaryny