Orta hasap bilen ýarym günlük ýola barabarlyk, bolan aralyk ölçegi, ýük ýazdyrma aralygy, geçim, menzil.
Ol düşer ýerde düşmän, dynç alman, mezil üstüne mezil aşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Möjekler bir mezil ýere gelenlerinde, eýýäm biziň nirededigimizi aňlarlar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Serçe bir günde kyrk mezil ýol ýörese, syçan kyrk günde bir mezil ýol ýöreýär eken. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)