meslik mes‧lik

  1. Şähdaçyklyk, keýpi köklük, keýplik.

  2. Gurplulyk, barlyk.

  3. Semizlik, guratlyk.

    • Tüssesi goýry çykýan öýleriň itleri hem sowukdan, hem meslikden çar tarapa ylgaşýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem meslik - mesligi.

mesligi götermek

Gurplulyga, barlyga çydap bilmek, mes hem bolsaň, bir bolşuňda bolmak.

  • Mesligi göterip bilenoklar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Yhlasly ýapyşar, jürdür işine, daýanar her zaman erkin güýjüne mesligi göterer, kynlygy ýykar, her hili ýagdaýdan baş alyp çykar. (A. Kekilow, Söýgi mesligi)


Duş gelýän formalary
  • meslige
  • mesligem
  • mesligi
  • mesligime
  • mesliginden
  • mesligine
  • mesligini
  • mesliginiň
  • mesligiň
  • meslikde
  • meslikden
  • meslikdendir