mert mert

Dogumly, gaýratly, batyr, edermen, çydamly.

  • Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň. (Magtymguly)

  • Ýagşy ýigit, mert ýigit sabyrly bolmalydyr! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)

  • Merde ýalbarsaň, peseler, namarda ýalbarsaň, eseler. (nakyl)

  • Mert özünden görer, namart -- ýoldaşyndan. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mert - merdim, merdiň.


Duş gelýän formalary
  • merde
  • merdem
  • merdi
  • merdidi
  • merdim
  • merdinden
  • merdine
  • merdini
  • merdiň
  • merdiňem
  • merdiňki
  • mertden
  • mertdi
  • mertdigimi
  • mertdigini
  • mertdir
  • mertler
  • mertler-de
  • mertlere
  • mertleri
  • mertlerim
  • mertleriň
  • mertlige
  • mertligem
  • mertligi
  • mertligim
  • mertligimi
  • mertligimiz
  • mertliginden
  • mertligindenem
  • mertligine
  • mertligini
  • mertligiň
  • mertligiňden
  • mertligiňi
  • mertlik
  • mertlikde
  • mertlikden
  • mertlikdi
  • mertlikdir
  • mertlikmi