merdanalyk mer‧da‧na‧lyk

[merda:nalyk]

Mertlik, batyrlyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk.

  • Soragyňyz barmy?! -- diýip, şeýle assa, emma dözümli, merdanalyk bilen töweregindäkilere ýüzlendi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem merdanalyk - merdanalygy.


Duş gelýän formalary
  • merdanalyga
  • merdanalygy
  • merdanalygyny
  • merdanalyklary
  • merdanalyklaryny