mellek mel‧lek at

Kolkozçylara hususy peýdalanmak üçin bölünip berlen ýer, uçastok.

  • Kolhoz melleklerine ekilen yýmyşly baglar şol tamlaryň üstünden abanşyp dur. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Şu ýyl mellegimiz mazalyja hasyl berer öýdýän. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mellek - mellegi.


Duş gelýän formalary
  • mellege
  • mellegi
  • mellegimdäki
  • mellegimi
  • mellegimiz
  • mellegimizi
  • mellegimiň
  • melleginde
  • mellegindedir
  • mellegindäki
  • mellegine
  • mellegini
  • melleginiň
  • mellegiň
  • mellegiňden
  • mellegiňe
  • mellegiňi
  • mellegiňizi
  • mellekde
  • mellekden
  • mellekdäki
  • melleklerde
  • melleklerdäki
  • melleklere
  • mellekleri
  • melleklerinde
  • melleklerine
  • mellekleriniň
  • mellekleriň