mekgejöwen

Botanika Däneli ekinler maşgalasyna degişli bolan, ýogyn hem uzyn baldakly, daşy ýuka gabyk bilen örtülen, gulpakly, iri däneli baş getirýän ösümlik we onuň hasyly.

  • Onun kellesinde mekgejöweniň gulpagy ýaly mymyjak tüýler ülpüdeşýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Mekgejöwen ekmekligi karar etdik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ýoluň iki gapdaly hem günebakar we mekgejöwen meýdanydy. («Pioner» žurnaly)

  • Mekdebiň tejribe uçastogynda gowaça, kädi, mekgejöwen we beýleki ekinler ekildi. («Mydam taýýar» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • mekgejöwende
  • mekgejöwenden
  • mekgejöwendir
  • mekgejöwene
  • mekgejöweni
  • mekgejöweniň
  • mekgejöweniňki
  • mekgejöwenleri