mekan at

[meka:n]

  1. Ýaşalýan ýer, menzil-mekan, ýurt, watan.

    • Watan diýmek halkyň dörän mekany, içinde guralgy agyr dükany. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Dostlar! Durmuş ne gözel! Güle oýlandy mekan. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ýaşamak için öý, jaý.

    • Öňki wagtda çöp-çatma bolardy mekanymyz, Agyr zulum astynda seçilerdi ganymyz. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  3. Göçme manyda Bir zadyň köp bitýän, bolýan ýeri.

    • Al-elwan gülleriň mekany bolan peljagazlar bilen, özümiziň ösdürüp ýetiştiren agaçlarymyz bilen hoşlaşdyk. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Garagumuň günorta-gündogar bölegine: --maldarçylygyň tüýs mekany -- diýip, hak aýdýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Biz galtamanlaryň mekanyna duçar bolupdyrys. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

mekan tutmak

Belli bir ýerde ýaşamak; Belli bir kärde, ýerde işlemek.

  • Maldarçylyk tehnikumyny gutarandan soň, belli bir ýerde mekan tutan adam däl. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • mekana
  • mekanda
  • mekandan
  • mekandygyny
  • mekanlarda
  • mekanlary
  • mekanlaryna
  • mekanlarynda
  • mekanlaryndan
  • mekanlaryny
  • mekanlarynyň
  • mekanlaryň
  • mekanly
  • mekansyz
  • mekany
  • mekanydy
  • mekanydyr
  • mekanym
  • mekanyma
  • mekanymyka
  • mekanymyz
  • mekanymyza
  • mekanymyzy
  • mekanymyzyň
  • mekanyna
  • mekanynda
  • mekanyndaky
  • mekanyndan
  • mekanyny
  • mekanynyň
  • mekanyň
  • mekanyňa
  • mekanyňy
  • mekanyňyz
  • mekanyňyň