Suwuk zatlar guýmak üçin geçiniň derisinden eýlenmän edilýän gap, tulum.
Her haýsynyň meşiginiň düýbünde-de ýeke içerlik suwlary galypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Meniň meşigimiň bujagy çözük. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Kersenler ýykyşdyryp meşikleri döküşdirip.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem meşik - meşigi.