meşhurlyk meş‧hur‧lyk

[meşhu:rlyk]

Il içinde ady bellilik, şöhratlylyk.

  • Tiz wagtdan onuň meşhurlygy liseýiň çäklerinden daşary çykýar. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem meşhurlyk - meşhurlygy.


Duş gelýän formalary
  • meşhurlyga
  • meşhurlygy
  • meşhurlygyna
  • meşhurlygyny
  • meşhurlygynyň
  • meşhurlygyň
  • meşhurlykdan