meňzetmek meň‧zet‧mek işlik

Bir zada meňzeş etmek, gat çalym etdirmek, kybapdaş etmek, bir zady ikinji bir zadyň özi ýaly etmek, ogşatmak.

  • Kuwwatyňy arslan-şire meňzetdim. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Men özümiň bu ýatyşymy bir adama meňzetdim. («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem meňzetmek - meňzedýär, meňzeder, meňzedipdir.


Duş gelýän formalary
  • meňzeden
  • meňzedendigi
  • meňzedendigini
  • meňzedendiginiň
  • meňzedenini
  • meňzedenlerine
  • meňzedenligi
  • meňzedenok
  • meňzedensoň
  • meňzeder
  • meňzederdi
  • meňzedibem
  • meňzedip
  • meňzedipdi
  • meňzedipdir
  • meňzedipdirler
  • meňzedipsiň
  • meňzediň
  • meňzedäýdi
  • meňzedäýmelimi
  • meňzedýän
  • meňzedýändigi
  • meňzedýänem
  • meňzedýänini
  • meňzedýänligi
  • meňzedýär
  • meňzedýärdi
  • meňzedýärdiler
  • meňzedýärin
  • meňzedýärler
  • meňzetdi
  • meňzetdiler
  • meňzetdim
  • meňzetjegini
  • meňzetjek
  • meňzetme
  • meňzetmedik
  • meňzetmegi
  • meňzetmek
  • meňzetmekleri
  • meňzetmeklige
  • meňzetmeler
  • meňzetmelerden
  • meňzetmelere
  • meňzetmeleri
  • meňzetmelerine
  • meňzetmelerini
  • meňzetmeleriniň
  • meňzetmeleriň
  • meňzetmeli
  • meňzetmesi
  • meňzetmesinden
  • meňzetmesine
  • meňzetmeýänligi
  • meňzetmäge
  • meňzetmändigini
  • meňzetmäni
  • meňzetmäniň
  • meňzetse
  • meňzetsek
  • meňzetseň