Adamyň endamynda, ýüzünde bolýan gara reňkli tebigy düwürtik.
Orazgulyň käbir ýeri gasyn atan bugdaýreňk ýüzüniň sag tarapynda garaja nokat ýaly meňi bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Burnunuň sag gapdalynda meňi bar, egninde-de leýtenant çini bardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Ýapragy we dänesi guradylyp çekilýän ösümlik.
Niçeler köp çekdi neşe hem meňi, Gaýgyda gan eňräp, bolmady deňi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Käbir haýwanlary aldap tutmak üçin gapana, çeňňegiň ujuna dakylýan et, çörek we ş. m. zatlaryň bölegi.