meýit me‧ýit

Ölen adamyň göwresi, öli adam.

  • Organizmiň gurluşyny öwrenmek üçin meýitleri kesip açmagy ulanýarlar. (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy)

  • Halnazaryň meýdini ýan kejebä salyp alyp gitdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem meýit - meýdi.


Duş gelýän formalary
  • meýdem
  • meýdi
  • meýdim
  • meýdimi
  • meýdin
  • meýdinden
  • meýdine
  • meýdinem
  • meýdini
  • meýdiniň
  • meýdiň
  • meýdiňi
  • meýitler
  • meýitleri
  • meýitlerini
  • meýitleriniň
  • meýitleriň
  • meýitsiň