[meýda:n]
Gidip ýatan düz ýer, çöl, ýer giňişlik.
Eziziň köne ýigitleri, täze ýygnan adamlary stansiýanyň öňündäki düz meýdana üýşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Belli bir iş dynyp barylýan uçastok.
Onuň ady 1949-njy ýyldan edebiýat meýdanyna girip ugrady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Jaýyň içi däl, daşary.
Ýygnak açyk meýdanda geçýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göwün arzuw etdi çykdym meýdana, şäheriň çagynda bakdym her ýana. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Gurluşyk meýdanynda iş gyzgalaňly gidýär.
Ekin üçün bejerilen ýer, ekin uçastogy.
Biz işiň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin 2-nji brigadynyň pagtaçylyk meýdanyna aýlanlarys. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)