Edebiýat termini Türkmen halk döredijiliginde: durmuş, hojalyk hem öý goşlary we ş. m. degişli, manysyny oýlap tapmaly sorag, tapmaça (meselem, agyl doly akja guzym).
Ol gyzlara gyzykly erteki, matallar, ýa-da özüniň başyndan geçirenlerini aýdyp berýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Adamlar özleriniň düşünjelerine görä matal döredipdirler. («Edebiýat»)
Matal aýtmak.
Häzir boş wagtyny erteki aýdyp matal otaryp geçirýän çopan çoluklar az. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gerekmez zatlary aýdyp oturmak, biderek gürlemek.