maslyk mas‧lyk

Ölen haýwanyň, adamyň we ş. m. läşi, meýdi.

  • Birbiriniň yzyndan möjekleriň maslygy tapyldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Heý gorkak bu ýatan maslyk ahyry! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Bally atyň üstünde maslyga, gelen ýyrtyjy ýaly seňrigini ýygryp durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Söweş meýdanynda duşmanyň näçe maslygy we ýaralysy galdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem maslyk - maslygy.


Duş gelýän formalary
  • maslyga
  • maslygam
  • maslygy
  • maslygydyr
  • maslygym
  • maslygymy
  • maslygyn
  • maslygyna
  • maslygynam
  • maslygyndan
  • maslygyny
  • maslygyny-da
  • maslygynyň
  • maslygyň
  • maslykda
  • maslykdan
  • maslykdygyny
  • maslyklar
  • maslyklardan
  • maslyklary
  • maslyklaryna
  • maslyklaryndan
  • maslyklaryny
  • maslyklarynyň
  • maslyklaryň