Biri bilen bilelikde maslahat etmek, biri meseläni ara alyp, pikir alyşmak, bir zat barada biri bilen geňeş etmek, birine geňeş salmak, geňeşmek.
Halk ýygnagy ähli möhüm döwlet meselelerini ara alyp maslahatlaşypdyr. (Gadymy dünýä taryhy)
Sen häziriň özünde onuň bilen indi näme etmelidigini maslahatlaşmalysyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ol ownujak bir zat üçin hem Aýna sala saldy, Aýna bilen maslahatlaşdy Aýnanyň göwnüni awlamaga çalyşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Wepanyň bölümi ozalyndan maslahatlaşyp goýlan amatly ýere baka çekilipdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)