Ile gülkülik, abraýdan düşmeklik, biabraýlyk.
Men öz maňlaýyma masgaralyk möhrüni basanymy bilýärin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Halnazar şu masgaralyga ölsünmi, ýitsinmi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men şeýle masgaralyga laýykmy?! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem masgaralyk - masgaralygy.