masgara mas‧ga‧ra

  1. Biabraý bolan, abraýy gaçan, düzgünden çykan, ile gülki, betnam.

    • Bu gürrüň baharyň hem gulagyna ýeten bolsa, men masgaranyň hem masgarasy bolupdyryn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ýör gyz yzlaryndan ýetip şulary bir masgara edeli! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Uýalmaýan, bihaýa, utançsyz (adam).

    • Ol masgara aýt!


Duş gelýän formalary
  • masgaralaýyn
  • masgaralyga
  • masgaralygyna
  • masgaralygyny
  • masgaralyk
  • masgaralykdan
  • masgaranyň
  • masgarasy
  • masgarasy-da
  • masgarasyna