Etli-ganly, doly, semiz.
Wah, maýam, sen meniň derdimi bilmeýärsiň?! -- diýip, Muhammet onuň yzyndan garady-da, ol mapraç aýalyň yzy bilen öýe tarap ýöneldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Göwüslek mapraç aýal Aýyň ýagtysyna altyn çaýylan egmesini ýalpyldadyp çykdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem mapraç - maprajy.