manyly ma‧ny‧ly sypat

[ma:ny:ly]

  1. Manysy bar bolan, mazmuny bar bolan, netijeli.

    • Keminäniň çuň manyly, çeper formaly lirikasy türkmen gelin-gyzlarynyň salykatly keşbini beýan edýär. («Edebiýat»)

  2. Öwüt-nesihatly, çuň täsir ediji, göreldeli.

    • Siziň manyly sözleriňiz maňa kän täsir etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Mawynyň agzyna gelişmeýän manyly sözlere Artyk haýran galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • manyla
  • manylydygyny
  • manylydyr
  • manylydyrlar
  • manylylygy
  • manylylygyna
  • manylylygyndan
  • manylylygyny
  • manylylygynyň
  • manylylygyň
  • manylylyk
  • manylylykdan