[ma:ny]
Bir zadyň akyl ýetirip bolýan içki mazmuny, paýhaslanmak arkaly bir zatdan çykýan netije.
Onuň ösgün gara gaşlary okaýan hatynyň manysyna görä bir ýazylyp, bir çytylýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Biziň her bir babalar sözümizde neneňsi many, neneňsi düşünje bar. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Aman poşçy onuň sözünden hiçbir many aňman: --Hawa, hawa! -- diýip, onuň sözüni tassyklady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Basymyň ýeriniň üýtgemegi bilen sözleriň manysy hem üýtgäp biler.
Ähmiýet, peýda, haýyr.
Goşuny biderek gyrdyrmanyň näme manysy bar? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Aýdylan-goýlan zada akyl ýetirmek, düşünmek.
Emma özi welin bu zadyň düýbünden manysyna düşenok. («Kolhoz günleri»)
Belli bir pikire gelmek, netije çykarmak.
Baharyň bu hödür-kereminden özüçe many çykaryp, Wüşi kel özüne göwnüýetijilik bilen oturgyçda oturdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Manyly gürlemek, manyly söz sözlemek.