manatlyk ma‧nat‧lyk

Manat hasabynda bir manada deň bolan pul belligi, ýekelik manat.

  • Jübüsinden bir topar ýeke manatlygy çykardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ol aňkaw kempir ýigrimi bäş manatlyk kagyz puly elli manatlykdan hiç haçan tapawutlandyryp bilmezdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem manatlyk - manatlygy.


Duş gelýän formalary
  • manatlyga
  • manatlygy
  • manatlygynda
  • manatlygyndan
  • manatlygyň
  • manatlykdan
  • manatlyklar
  • manatlyklary
  • manatlyklaryň