maldarçylyk mal‧dar‧çy‧lyk

[ma:lda:rçylyk]

Oba hojalygynyň mal ösdürip ýetişdirmek bilen meşgul bolýan pudagy.

  • Maldarçylykdan hem bermeli önümimizi her ýyl ýüz prosentden aşyryp tabşyrýarys. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Siz maldarçylyk işini oňat bilýän bolsaňyz gerek. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Maldarçylyk ferma müdiri we hasapçysy Bütinsoýuz oba hojalyk sergisine gatnaşmak hukugyna eýe boldular. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem maldarçylyk - maldarçylygy.


Duş gelýän formalary
  • maldarçylyga
  • maldarçylygy
  • maldarçylygyna
  • maldarçylygynda
  • maldarçylygyny
  • maldarçylygynyň
  • maldarçylygyň
  • maldarçylykda
  • maldarçylykdaky
  • maldarçylykdan
  • maldarçylykdyr
  • maldarçylykly