maldaýy mal‧da‧ýy

[ma:ldaýy]

Türkmen aýallarynyň üstki geýimlikleri üçin elde dokalýan, düşegi gyzyl, sary we ak çyzmykly ýüpek mata.

  • Näme-näme, ol nähili halat-şaý? Keteni, maldaýy, köp ýene serpaý. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Mama iňňeden çykma ýüpek sowsanynyň üstünden maldaýy çabyt geýip, gara gülli guşagy biline orandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Olaryň eginlerinde sowsany köýnek, börükli kellelerine-de maldaýy çabyt atylgydy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)