[ma:la]
Oba hojalyga degişli Ekin ýerlerini tekizlemek işinde ulanylýan dişli ýa dişsiz demir, agaç gural.
Pökgen mala hem okuçnik ýaly gurallary saraýyň öňünde goýanlary üçin kimlerdendir käýinýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Iri kesekleri mala ýa-da demir dyrmyk bilen owradýarlar. (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat)