[mahsu:s]
Muwapyk, has degişli (bolan).
Ertekileriň özüne mahsus bolan başlanyşy bolýar. («Edebiýat»)
Her bir ýaragyň özüne mahsus atyşhanalar döredipdirler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Pelwert jülgesi sol pasla mahsus bolan adaty joşgunly zähmet durmuşy bilen ýaşardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Moskwalylar türkmen wekillerini mahsus bolan çyn ýürekdeşlik bilen gutladylar. («Mydam taýýar» gazeti)