mahrum mah‧rum

[mahru:m]

Bir zada erki, ygtyýary, hukugy bolmadyk.

mahrum bolmak

Bir zada bolan erk-ygtyýaryň alynmak, kesilmek, ygtyýaryňy elden gidermek.

  • Aýsoltan adatdaky ýaly enesi bilen şirin-şirin sözleşmekden hem mahrum boldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

mahrum etmek

Bir zada bolan erk-ygtyýaryny almak, hukugyny kesmek.

  • Köne döwür sizi dünýäniň ähli eşretinden mahrum edipdir. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)


Duş gelýän formalary
  • mahrumdy
  • mahrumdygy
  • mahrumdygyny
  • mahrumdylar
  • mahrumdyr
  • mahrumdyrlar
  • mahrumlyk