magtamak mag‧ta‧mak işlik

Gowy tarapyny aýtmak, öwmek, taryplamak.

  • Ol derrew agtygynyň adyny sorap bildi we onuň arassa saklanyşyny magtady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Öz gyzynyň söýgüsine garşy çykýan bolsa, magtamakdan häzirlikçe saklanmakdan gowusy ýok. (N. Jumaýew, Ak derek)

  • Agamyrat bulara adyny aýtmak bilen abraýynyň hem güçlüdigini magtady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • magtady
  • magtadylar
  • magtamaga
  • magtamak
  • magtamakdan
  • magtamalardan
  • magtamalaryndan
  • magtap
  • magtar
  • magtardy
  • magtasaň