[maglu:ma:t]
Bir zat hakda habar.
Pökgen, Çary aganyň maglumatyny diňländen soň, azajyk pikirlenip oturdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Şägirdi kanagatlandyrmak üçin operator oňa giň maglumat bermäge mejbur boldy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Bir iş barada bolan material.
Ol gerekli maglumatlary tapmak ugrunda meşguldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Onda kän gymmatly taryhy maglumatlar bar. (Gadymy dünýä taryhy)
Ol penjeginiň kisesinden eplem-eplem bolşup duran kagyzlaryň onlarçasyny çykaryp, nähilidir, bir maglumat gözläp otyr ekeni. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Aň-düşünje bilim.