magşuk mag‧şuk

[magşu:k]

Könelişen söz Ýigidiň söýýän gyzy, ýigidiň söýgülisi, aşyk gyz.

  • Bahar Magşuk kimin gujak açyp dur, Watanym baharyň ýaz gujagynda. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Men seniň magşugyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Tomaşaňa geler gyzlaryň hany, Eger çyn aşyk sen magşugyň hany. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)

  • Owal aşyk köýer, soňra --magşugy. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem magşuk - magşugy.


Duş gelýän formalary
  • magşuga
  • magşugy
  • magşugyna
  • magşugyndan
  • magşugyny
  • magşugynyň
  • magşugyň
  • magşugyňa
  • magşugyňdan
  • magşugyňyz
  • magşugyňyzy
  • magşuklar
  • magşuklara
  • magşuklarymyz
  • magşuklaryň
  • magşuklyk
  • magşukmyş