Bir hojalyga degişli çagalar we ene-atalar.
Balykçylaryn maşgalalarynyň köpüsi mugallym mehanizator we feldşer boluş ýetişipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Maşgalamda alty adam bar. Maşgala tüketmez, maşgala tükeder. (nakyl)
Gyz-oglan, çaga, perzent, zürýat.
Maşgalamy öz elim bilen durmuşa çykararyn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ilde gowy maşgala-da kän, haýsy gapydan barsam hem meniň sawçylarymyň boş gaýtmajagyna-da ynanýan. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Aýna beýle geleňsiz maşgala däl ahyry. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gaty gowy maşgala arman saçy inçejik ekeni. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Hojalyk, öý.
Obada iki sany garyp dost maşgala ýaşaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Umumy bähbit üçin birleşen adamlar topary.
Halk we goşun bir bitewi maşgala ýalydyr.
Biologiýa Birnäçe ýakyn guşlaryň, tohumlaryň topary.
Itler maşgalasy.
Durmuşa çykmak, öýli-işikli bolmak, öýlenmek.
Meniň maşgala gurmak baradaky pikirim çyn, sap pikir. (B. Seýtakow, Moskwanyň ýalkymy)