Hoz, pisse, badam erik we ş. m. şänigi ýaly gaty gabykly miweleriň içindäki tagamly ýagjymak madda.
Şänigiň maňzy.
Çöregiň, dänäniň we ş. m. içki ýumşak bölegi.
Göçme manyda Many, mazmun, netije.
Saparyň sözüniň düýp maňzyna gözüni ýetiren Çary aga, temmäki haltasyny çykaryp, mahorka dolap çekmäge başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ol gorkusyna listowkanyň ýüzünde gören we eşidenleriniň esasy maňzyny hemmä aýan etdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Däne --durmuşyň özenidir, eşretiň maňzydyr. («Mydam taýýar» gazeti)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem maňyz - maňzy.
seret maňza oturmak maňza oturmak
Meniň bu sözlerim onuň maňzyna batmadyk bolara çemeli. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
seret maňza oturmak maňza oturmak
Hojamyň soňky sözi Halnazaryň hem maňzyna damdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göwne ýaramak, göwne jaý bolmak, maňza batmak, maňza dammak.
Emma olaryň ikisiniň hem aýdanlary Myradaly aganyň maňzyna oturmady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Gazeti çaý başynda okasaň, lezzeti aýry bolýar, maňzyňa oturýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Agzy sary, ýaş, tejribesiz.
Ol tumşujagyny ýokary tutup, ejesine göwni ýetmedik bolan bolsa-da, kolhoz oňa dünýäniň manyny ynansa-da, ol entek sary maňyzdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)