[mülhi:t]
Ezenegini agdyryp ýören, ebti agan, sölpi, süpüdik.
Eziz meni ýoldan yzyma gaýtaryp: -Bar-da şol mülhidi alyp gaýt! -- diýdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Sen öz akylyň bilen iş göreňok seniň başyňy aýlan bir mülhit bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem mülhit - mülhidi.