Sakgal, murt we ş. m. ýolmak üçin ulanylýan jübtek ýaly gural.
Öň etegy müçenek bilen arassalanan gyrymsy gara sakgalyny sypalady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Eline aýna, gaýçy, müçenek alyp, sakgalyna, murtuna timar berdi. («Tokmak» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem müçenek - müçenegi.