möwsüm

Belli bir pasyl, wagt aralygy, döwür.

  • Bahar öz möwsümüni paýawlady, tomsuň ýandyryjy jöwzal yssysy başlady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Ekinleriň we bag-bakjalaryň hasyllarynyň biri-biriniň yzyndan bişip ýetişişi ýaly, olar biri-biriniň yzyndan her haýsy öz möwsümini sowup, eňňere bolup başladylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ýygym möwsümi pagtaçylyk işiniň aýratyn jogapkärli aýgytlaýjy möwsümi bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

möwsümini sowmak

Gezegini nobatyny geçirmek.


Duş gelýän formalary
  • möwsümde
  • möwsümden
  • möwsümdäki
  • möwsüme
  • möwsümi
  • möwsümidi
  • möwsüminde
  • möwsüminden
  • möwsümine
  • möwsümini
  • möwsüminiň
  • möwsümiň
  • möwsümler
  • möwsümlerde
  • möwsümleri
  • möwsümlerinde
  • möwsümlerine
  • möwsümlerini
  • möwsümleriniň
  • möwsümleriň
  • möwsümleýin
  • möwsümliginde
  • möwsümligini
  • möwsümlik
  • möwsümliligini
  • möwsümliligiň
  • möwsümlilik