[mö:n]
Dogumly däl, alagowşak, aňkaw, türk, ynanjaň, sada.
Ozal bu adamyny görmedikler birinji gezek ony daşyndan synlanda, şu adam göhert ýaly ynanjaň hem gaty mön bolsa gerek diýip güman etmekleri mümkin. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem mön - mönüm, mönüň.