[mö:jek]
Zoologiýa Ite meňzeş ýyrtyjy, wagşy haýwan, böri, gurt.
Bu taýda şagaldan, möjekden gorkýan adam ýok, beýle adamyny başga ýerden gözle! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Olar gele gurt bilen uruşmaga gitdiler ýogsam ol möjekler goýunlarymyzy iýjekler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Möjejik.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem möjek - möjegi.
Hilegär, zyýankeş adam.
Nä, ony goýyn derisine giren möjekdir öýdýärmiň?! («Tokmak» žurnaly)
Ynamsyz adama bil baglamak.
Dogrusyny diýsem Muhammet öňde biriniň möjege goýun ynanyşyny edýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)