möňňürmek möň‧ňür‧mek işlik

  1. Gaty sesli aglamak, uly iliň bilen aglamak.

    • Baý, Aýjemalymdan aýryldym-leý! -- diýip, köçäniň ugrunda möňňürip aglady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Göçme manyda Bir zada çydaman dat etmek, bagyryp durmak.

    • Ol özüniň iki egninden basýan horluga çydap bilmän, möňňürip goýbermäge çenli baryp ýetipdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • möňňürdi
  • möňňürdim
  • möňňürip
  • möňňürme
  • möňňürmediň
  • möňňürmek
  • möňňürmäge
  • möňňürýän
  • möňňürýär
  • möňňürýärdi