Zada zar, gytçylykda ýaşaýan, maddy taýdan horluk çekýän, garyp.
Daýhanlar hususy işlerin taşlap, mätäje kömege ýetişmegi özleriniň mukaddes borçlary hasap edýärlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Biz zada garaşly, bir zatdan asyly, bagly bolan.
Onuň beýnisi çaýkanypdyr, bejerilmegine mätäç. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Biz bu düme ýere mätäç hem bolup durmasyn. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem mätäç - mätäji.