mäşburunç mäş‧bu‧runç

Ýaňy agaryp başlan sakgalyň reňki.

  • Ol orta boýly, sakgaly ýaňy mäşburunç bolan bir adamdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  • Onuň ýüzüni mäşburunç sakgaly we timarlanan murtlary geleşige getirýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mäşburunç - mäşburunjy.